Ähli pudaklar Türkmenistanyň kärhanalary HS Codes Incoterms Biz barada Habarlaşyň

Dogry Gümrük Koduny tapyň

Ähli bölümler

Topar 19: Däneli ösümlikleriň dänelerinden, undan, krahmaldan ýa-da süýtden taýýarlanan önümler; undan taýýarlanan konditer önümleri

  • 1901

    Solod ekstrakty; ownuk ýa-da irimçik üwelen undan, ýarmadan, krahmaldan ýa-da solod ekstraktyndan taýýarlanan taýýar azyk önümleri, düzüminde kakao bolmadyk ýa-da doly ýagsyzlandyrylan esas hökmünde hasaplanylanda 40 agr. % az kakao bolan, başga ýerde atlandyrylmadyk ýa-da goşulmadyk; 0401 – 0404 haryt görnüşindäki çig maldan taýýarlanan taýýar azyk önümleri, düzüminde kakao bolmadyk ýa-da doly ýagsyzlandyrylan esas hökmünde hasaplanylanda 5 agr. % az kakao bolan, başga ýerde atlandyrylmadyk ýa-da goşulmadyk:

    • 1901 10 000

      çaga iýmiti, gaplanan bölek satuw üçin

    • 1901 20 000

      1905 haryt görnüşindäki çörek-bulka önümlerini we undan taýýarlanan konditer önümlerini taýýarlamak üçin garyndylar we hamyr

    • 1901 90

      beýlekiler:
      solod ekstrakty:

    • 1901 90 110

      düzüminde 90 agr. % ýa-da ondan köp gury ekstrakt bolan

    • 1901 90 190

      beýlekiler:

    • 1901 90 910

      düzüminde süýt ýagy, saharoza, izoglýukoza, glýukoza ýa-da krahmal bolmadyk ýa-da 1,5 agr. % az süýt ýagy, 5 agr. % az saharoza (inwert şekerini goşmak bilen) ýa-da izoglýukoza, 5 agr. % az glýukoza ýa-da krahmal bolan, 0401 – 0404 haryt görnüşiniň çig malyndan alnan toz görnüşindäki azyk önümlerinden başga

    • 1901 90 990

      beýlekiler

  • 1902

    Makaron önümleri, ýylylyk bilen işlenilen ýa-da işlenilmedik, huruşly (etden ýa-da beýleki önümlerden) ýa-da huruşsyz, ýa-da beýleki usullar bilen taýýarlanan, mysal üçin, spagetti, makaron, unaş, rožoklar, kleskiler, rawioli, kanneloni; kuskus, azyklyk ulanmak üçin taýýar ýa-da taýýar bolmadyk:
    makaron önümleri, ýylylyk bilen işlenilen ýa-da işlenilmedik, huruşsyz ýa-da başga usullar bilen taýýarlanmadyk:

    • 1902 11 000

      düzüminde ýumurtga bolan

    • 1902 19

      beýlekiler:

    • 1902 19 100

      düzüminde ýumşak bugdaýdan alnan ownuk ýa-da irimçik üwelen un bolmadyk

    • 1902 19 900

      beýlekiler

    • 1902 20

      huruşly makaron önümleri, ýylylyk bilen işlenilen ýa-da işlenilmedik ýa-da beýleki usul bilen taýýarlanan:

    • 1902 20 100

      düzüminde 20 agr. % köp balyk, leňňeç şekilliler, mollýusklar ýa-da suwda ýaşaýan beýleki oňurgasyzlar bolan

    • 1902 20 300

      düzüminde 20 agr. % köp şöhlat we etden we islendik görnüşli içgoş we kellebaşaýakdan taýýarlanan şoňa meňze önümler bolan, islendik görnüşli ýaglary goşmak bilen
      beýlekiler:

    • 1902 20 910

      ýylylyk bilen işlenilen

    • 1902 20 990

      beýlekiler

    • 1902 30

      makaron önümleri, beýlekiler:

    • 1902 30 100

      guradylan

    • 1902 30 900

      beýlekiler

    • 1902 40

      kuskus:

    • 1902 40 100

      taýýarlanmadyk

    • 1902 40 900

      beýleki

  • 1903 00 000

    Tapioka we onuň ornuny tutujylar, krahmaldan taýýarlanan, patrak, owuntyk, däne, zerre we şoňa meňzeş beýleki görnüşlerde

  • 1904

    Taýýar azyk önümleri, däneli ösümlikleriň dänelerini ýa-da däne önümlerini çişirmek ýa-da gowurmak ýoly bilen alnan (mysal üçin, mekgejöwen patragy); däneli ösümlikler (mekgejöweniň dänesinden başga) däne görnüşinde ýa-da patrak ýa-da başga usul bilen işlenilen däne görnüşinde (ownuk we irimçik üwelen undan, ýarmadan başga), deslapdan gaýnadylan ýa-da başga usul bilen taýýarlanan, başga ýerde atlandyrlmadyk ýa-da goşulmadyk:

    • 1904 10

      taýýar azyk önümleri, däneli ösümlikleriň dänelerini ýa-da däne önümleri çişirmek ýa-da gowurmak ýoly bilen alnan:

    • 1904 10 100

      mekgejöwenden alnan

    • 1904 10 300

      şalydan alnan

    • 1904 10 900

      beýlekiler

    • 1904 20

      taýýar azyk önümleri, gowrulmadyk däne patraklaryndan ýa-da gowrulmadyk däne patraklary bilen gowrulan däne patraklarynyň ýa-da däneli ösümlikleriň çişirilen däneleriniň garyndylaryndan alnan:

    • 1904 20 100

      mýusli kysymly önümler, däneli ösümlikleriň gowrulmadyk patraklarynyň esasynda
      beýlekiler:

    • 1904 20 910

      mekgejöwenden alnan

    • 1904 20 950

      şalydan alnan

    • 1904 20 990

      beýlekiler

    • 1904 30 000

      Bulgur bugdaýy

    • 1904 90

      beýlekiler:

    • 1904 90 100

      şaly

    • 1904 90 800

      beýlekiler

  • 1905

    Çörek, undan edilen konditer önümleri, piroglar, kökeler we beýleki çörek-bulka we undan edilen konditer önümleri, düzüminde kakao bolan ýa-da bolmadyk; wafli plastinalary, boş kapsulalar, farmasewtiki maksatlar üçin ulanmaklyga ýaramly, ýelimlemek üçin, wafli ýorkalary, şaly sypalyndan edilen ýuka kagyz we şoňa meňzeş önümler:

    • 1905 10 000

      şatyrdap duran çörejikler

    • 1905 20

      zenjebil kökesi şoňa meňzeş önümler:

    • 1905 20 100

      saharozasy 30 agr. % bolan (saharoza ýaly ýüze çykarylan inwert şekerini goşmak bilen)

    • 1905 20 300

      saharozasy 30 agr. % ýa-da ondan köp, emma 50 agr. % az bolan (saharoza ýaly ýüze çykarylan inwert şekerini goşmak bilen)

    • 1905 20 900

      saharozasy 50 agr. % ýa-da ondan köp bolan (saharoza ýaly ýüze çykarylan inwert şekerini goşmak bilen)
      süýji gury köke; wafli we wafli ýorkalary:

    • 1905 31

      süýji gury köke:
      şokolad bilen ýa-da düzüminde kakao bolan beýleki önümler bilen doly ýa-da bölekleýin örtülen:

    • 1905 31 110

      ilkinji gaplanyşda netto-agramy 85 g köp bolmadyk

    • 1905 31 190

      beýleki:

    • 1905 31 300

      düzüminde 8 agr. % ýa-da ondan köp süýt ýagy bolan
      beýleki:

    • 1905 31 910

      sandwiç görnüşinde gury köke

    • 1905 31 990

      beýleki

    • 1905 32

      wafli we wafli ýorkalary:

    • 1905 32 050

      çyglylygy 10 agr. % köp bolan
      beýlekiler:
      şokolad bilen ýa-da düzüminde kakao bolan beýleki önümler bilen doly ýa-da bölekleýin örtülen:

    • 1905 32 110

      ilkinji gaplanyşda netto-agramy 85 g köp bolmadyk

    • 1905 32 190

      beýlekiler:

    • 1905 32 910

      duzlanan, huruşly ýa-da huruşsyz

    • 1905 32 990

      beýlekiler

    • 1905 40

      guradylan çörek, köýdürilen çörejik we şoňa meňzeş önümler:

    • 1905 40 100

      guradylan çörek

    • 1905 90

      beýlekiler:

    • 1905 90 100

      masa

    • 1905 90 200

      wafli plastinalary, boş kapsulalar, farmasewtiki maksatlar üçin ulanmaklyga ýaramly, ýelimlemek üçin, wafli ýorkalary, şaly sypalyndan edilen ýuka kagyz we şoňa meňzeş önümler
      beýlekiler:

    • 1905 90 300

      çörek-bulka önümleri, bal, ýumurtga, peýnir ýa-da miweler görnüşindäki goşundysyz we gury ýagdaýda düzüminde şeker 5 agr. % köp bolmadyk we ýag 5 agr. % köp bolmadyk

    • 1905 90 450

      gury köke

    • 1905 90 550

      ekstrudirlenen ýa-da uzadylan önümler, ajy ýa-da duzly
      beýlekiler:

    • 1905 90 600

      süýjüdilen goşundyly

    • 1905 90 900

      beýlekiler

TurkmenExporters - Business Platform of Turkmenistan