Ähli pudaklar Türkmenistanyň kärhanalary HS Codes Incoterms Biz barada Habarlaşyň

Türkmenistan barada

Türkmenistan — döwleti Merkezi Aziýada ýerleşip, demirgazykda Gazagystan Respublikasy, demirgazyk–gündogarda we gündogarda Özbegistan Respublikasy bilen, günorta-gündogarda Owganystan Yslam Respublikasy bilen, günortada Eýran Yslam Respublikasy bilen serhetleşýär. Şeýle hem günbatarda Hazar deňzi tebigy serhedi bolmak bilen Azerbaýjan Respublikasy bilen hem serhetleşýär.

Türkmenistanda 27-nji sentýabr Garaşsyzlyk güni hökmünde bellenilýär. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda 185 döwletiň biragyzdan goldamagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy bilen Türkmenistan döwletimiz Hemişelik Bitarap Döwlet diýlip ykrar edildi. Häzirki wagtda Türkmenistan 151 döwlet bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy.

Türkmenistan — demokratik, hukuk, dünýewi döwletdir. Döwlet dolandyryşy Prezident respublikasy görnüşinde alnyp barylýar. Türkmen döwletiniň syýasy gurluşy 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda Kabul edilen (2016-njy ýylyň 14-njy sentýabrynda täze redaksiýasy) Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda kemala getirildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň Esasy Kanuny bolmak bilen, Türkmenistanyň döwlet gurluşy deňagramlylygy saklap, özbaşdak hereket edýän kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimiýetlerine bölünmek ýörelgelerine esaslanýar. Konstitusiýada berkidilen kadalar we namalar göni herekete eýe. Konstitusiýa garşy gelýän kanunlar we beýleki hukuk namalary ýuridiki güýje eýe däldir.

Halk Türkmenistanyň döwlet häkimiýetiniň öz ygtyýarlygyny ýörediji we ýeke-täk gözbaşy bolup durýar.

Döwlet din we wyždan azatlygyny, olaryň kanun öňünde deňligini kepillendirýär. Dini guramalar döwletden aýry bolup, olar döwlet işine goşulyp, döwlet wezipelerini ýerine ýetirip bilmeýärler. Döwletiň bilim ulgamy dini guramalardan bölünendir we dünýewi häsiýete eýedir.

Türkmenistanyň Prezidenti — Türkmenistanyň iň ýokary wezipeli adamy bolmak bilen, döwlet we ýerine ýetiriji häkimiýetiň baştutany bolup durýar. Ol Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine – Hökümetine baştutanlyk edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti döwlet garaşsyzlygynyň we bitaraplyk derejesiniň, ýurt bitewiliginiň, Konstitusiýanyň berjaý edilişiniň we halkara borçlarynyň ýerine ýetirilişiniň kepili hökmünde çykyş edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bolup durýar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşi (Parlament) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr.

Türkmenistanyň Milli Geňeşi iki palatadan – Halk Maslahatyndan we Mejlisden ybaratdyr.

Halk Maslahaty 56 agzadan ybarat bolup, olardan 48-si welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň mejlislerinde göni däl (gytaklaýyn) saýlaw hukugynyň esasynda gizlin ses bermek arkaly her welaýatdan we Aşgabat şäherinden saýlanylýar, 8-si Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär.

Mejlis ählumumy, deň we göni saýlaw hukugy esasynda gizlin ses bermek arkaly saýlanylýan 125 deputatdan ybarat.

Türkmenistanda kazyýet häkimiýeti diňe kazyýetlere degişlidir. Kazyýet häkimiýeti raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, kanun arkaly goralýan döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerini goramaga niýetlenendir.

MEÝDANY

Türkmenistan – Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň biri bolup, onuň meýdany boýunça olaryň arasynda ikinji orny eýeleýär, ýagny Türkmenistanyň tutýan meýdany 491 200 km2 deňdir. Onuň günbatardan gündogara 1100 km. we demirgazykdan günorta 650 km. uzaýar.

ADMINISTRATIW-TERRITORIAL GURLUŞY

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri, ol welaýat hukukly administratiw-territorial gurluşly birlikdir. Aşgabadyň düzümine dört etrap — Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Köpetdag we Büzmeýin etraplary girýär.

Türkmenistanda bäş sany welaýaty bar, olar — Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarydyr. Her welaýat etraplara bölünýär.

Çeşmesi: Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrligi

Resmi web sahypasy: https://www.mfa.gov.tm

Baýdagy
Gerbi
Presidenti: Serdar Berdimuhamedow
Garaşsyzlyk güni: 27.09.1991
Resmi dili: Türkmençe
Paýtagty: Aşgabat
Döwlet gurluşy: Prezident Respublikasy
Meýdany: 491 200 km2
Ilaty: 6.2 million
Pul birligi: Manat (TMT)
Türkmenistanyň ýerleşýän ýeri
TurkmenExporters - Business Platform of Turkmenistan